Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda 16 adam öldi


Bagdadyň günortasynda sünnileriň köpçülikleýin ýaşaýan territoriýasynda ýaragly adamlar tarapyndan iki şaýy maşgalasyna hüjüm edildi. Şol hüjümde 16 adam öldi.

Bu waka Latifiýah şäherinde gijäniň ýaryndan bir salym ozal bolup geçdi. Yragyň resmileriniň aýtmagyna görä, ýaragly adamlar ilki bilen iki jaýa ot açypdyr. Soňundan hem olaryň ählisini partladypdyr.

Şol hüjümde alty çaga, bäş aýal we bäş erkek heläk boldy. Şeýle-de, dokuz adam hem ýaralandy. Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Bu hüjümleriň netijesinde, Yragyň sünni azlygy bilen şaýy köplüginiň arasyndaky mezhepara dartgynlygyň has-da möwjemeginden alada edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň şu hepdäniň başynda çykaran raportynda bellenmegine görä, Yrakdaky ýowuzlyklarda soňky bäş aýyň dowamynda 4 müňden gowrak adam ölüpdir. Şolaryň 800-den gowragy geçen aýyň dowamynda heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG