Moskwa metrosyna giren pursadyň arhitektura we taryh muzeýine gadam basýarsyň. Mundan 80 ýyl ozal, ýagny 1935-nji ýylyň 15-nji maýynda açylan bu metroda sowet döwrüniň şekilleri, heýkelleri häzirki güne çenli hem saklanyp galypdyr. Sowet diktatory Iosif Staliniň döwründe gurlan bu metroda häzir her gün 7 milliondan 9 milliona çenli adam gatnaýar.
Moskwanyň metrosy 80 ýaşady

1
"Biblioteka Imeni Lenina" ("Lenin adyndaky kitaphana") metro stansiýasy.

2
"Nowoslobodskaýa" metro stansiýasy. Bu stansiýa 1952-nji ýylda gurlupdy.

3
"Maýakowskaýa" metro stansiýasy. 1938-nji ýylda guruldy.

4
"Nowoslobodskaýa" metro stansiýasy.