Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan Gümrük bileleşigine goşulmakçy


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan (Ç) Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada gepleşik geçirdi. 3-nji sentýabr, 2013.
Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan (Ç) Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada gepleşik geçirdi. 3-nji sentýabr, 2013.
Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan öz ýurdunyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine goşuljagyny aýdýar.

Sarkisýan bu garaşylmadyk beýanaty sişenbe güni, Moskwada orsýetli kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiklerinden soň etdi.

Ol Ermenistanyň Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň döredilmegine gatnaşmaga hem taýýardygyny aýtdy:

"Men Ermenistanyň Gümrük bileleşigine we Ýewraziýa bileleşigini döretmek prosesine goşulmak niýetini tassyk etdim. Bu Ermenistanyň milli bähbitlerinden gelip çykýan rasional karar. Bu karar biziň ýewropa guramalary bilen dialogdan ýüz öwürýändigimizi aňlatmaýar. Biz geljekde hem bu reformalary dowam etdirmekçi."

Sarkisýan öz websaýtynda ýerleşdirilen belliklerinde bu karary Ermenistanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky harby ýaranlyga, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna girişi ýaly "rasional" diýip atlandyrdy.

"Ykdysady çekelik netijesiz"

Ermeni prezidenti “Haçanda sen bir harby howpsuzlyk sistemasynyň bölegi bolup durýarkaň, özüňi ykdysady giňişlikden çeke tutmak hem-ä mümkin däl, hemem netijesiz” diýdi.

Şeýle-de ol ýewropa guramalary bilen dialogy dowam etdirmegi wada berdi, ýagny öz hökümetiniň bu guramalardan ymtylýan gurluş reformalaryna ygrarly galýandygyny aýtdy.

Sarkisýan Ýewropa Bileleşigi bilen planlaşdyrylan Assosiasiýa ylalaşygyny agzamady.

Putin Sarkisýanyň beýanatyna ýokary baha berdi. Ol Ýerewanyň “Ýewraziýa integrasiýa prosesine” goşulmak karary iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürer diýdi:

"Orsýet Ermenistanyň Gümrük bileleşigine girmek we Ýewraziýa integrasiýa prosesine gatnaşmak kararyny goldaýar. Biz bu prosese hemme taraplaýyn ýardam ederis. Men Ýerewanyň Ýewraziýa integrasiýa gurluşlaryna agzalygynyň özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga uly itergi boljagyna ynanýaryn."

Ýerewanyň Gümrük bileleşigine agzalygy indi Bileleşigiň beýleki agzalary, Belarus we Gazagystan tarapyndan hem tassyk edilmeli.

Ermenistan Orsýete ykdysady taýdan köp babatda garaşly bolup durýar we bu ýurtda bir million çemesi ermeni ýaşaýar. Moskwa Ýerewanyň iň uly söwda partnery we Orsýet Ermenistanyň iň uly daşary ýurt maýadary bolup durýar.

Oppozisiýa goldamaýar

Oppoziýadaky parlament agzasy, ozalky daşary işler ministri Aleksandr Arzumanýan Sarkiýasnyň bu beýanatyny «düýpden kabul ederliksiz» diýip atlandyrdy.
Oppozisioner Aleksandr Arzumanýan
Oppozisioner Aleksandr Arzumanýan

Ol Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna beren gürrüňinde Gümrük bileleşigi bilen islendik hyzmatdaşlyk Ermenistanyň Ýewropa integrasiýasyna tarap alan ugry bilen utgaşykly bolmaly diýdi.

Ermenistan noýabr aýynda Wilnýusda geçen sammitde Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa we azat söwda ylalaşygyna girmäge taýýardygyny aýdypdy.

Emma ÝB resmileri Ermenistan Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky söwda bileleşigine agza bolan ýagdaýynda beýle ylalaşygyň bolup bilmejegini gaýta-gaýta aýdypdylar.

ÝB ýagdaýy öwrenýär

ÝB-niň Giňeliş komissary Stefan Fuelsiň sözçüsi Piter Stano Sarkisýanyň beýanatyna reaksiýa bildirip, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

"Häzirki pursatda men diňe öz ermeni partnerlarymyz bilen soňky edilen beýanat we bu ugurdaky soňky wakalar barada pikir alyşýandygymyzy aýdyp bilerin. Zerur bolan ähli maglumatlar, ähli detallar mälim bolanyndan soň, biz munuň mümkin bolan täsirlerni seljereris."

Orsýet, Belarus we Gazagystan Gümrük bileleşigini 2010-njy ýylda, ÝB-niň ykdysady sferasyna garşy deňagramlylyk hökmünde döretdi.

Bu Bileleşigiň üç agzasy geçen ýyl Umumy ykdysady giňişlik diýilýäne başlady.

Olar maksadyň 2015-nji ýyla çenli ÝB-niň nusgasynda Ýewraziýa ykdysady bileleşigini gurmakdan ybaratdygyny aýtdylar.

Moskwa öňki sowet respublikalarynyň birnäçesiniň bu prosese goşulmagy üçin tagalla edýär.
XS
SM
MD
LG