Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew aýlygyny fonda tabşyrdy


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew aýlygyny, ýurduň çetki gündogaryndaky güýçli suw joşgunyndan ejir çekenlere kömek edýän fonda tabşyrdy.

Penşenbe güni Orsýetiň Çetki Gündogaryň ösüşi boýunça ministrligi, Medwedewiň aýlygyny fonda tabşyrandygyny tassyklady. Şeýle-de, ministrlik fonduň pulyny has-da artdyrmak üçin käbir beýleki resmileriň hem öz aýlygyndan pul tabşyrandygyny sözüne goşdy.

Penşenbe güni Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden Irina Prossius "Ýurduň çetki gündogaryndaky suw joşgunynda 82 müňden gowrak adam kösenip, hökümet şol wakada pida bolanlaryň hersine 3 müň amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölemegi planlaşdyrýar" diýdi.
XS
SM
MD
LG