Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Rohaniden nägile


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Eýranyň täze prezidentiniň Tähranyň ýadro programmasy boýunça halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän aladalanmalara tiz jogap bermändigini aýdyp, onuň bu meseledäki şowsuzlygyna gynanç bildirdi.

Ilçi Samanta Power Hassan Rohaniniň awgustyň başynda Eýranyň prezidenti wezipesine geçeli bäri ýurduň ýadro programmasy bilen bagly meseläni gozgamak niýetini mälim etmändigini belledi.

Amerikan ilçisiniň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden bu çykyşynyň öňüsyrasynda Eýranyň prezidenti Rohani ýurduň dawaly ýadro programmasy boýunça dünýä liderleri bilen gepleşikleri daşary işler ministriniň alyp barjakdygyny yglan edipdi.

Analitikler Eýranyň konserwatiw ýolbaşçylarynyň diplomatik prosese gözegçilik etmeginiň öňegidişlige päsgel berýändigini aýdýarlar.

Geçen hepdede BMG-niň ýadro meseleler boýunça gozegçisi Eýranyň urany baýlaşdyrmak üçin 1 000 golaý sentrifuga gurallarynyň synagyny geçirmegi planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Tähran özüniň ýadro ýaragyny döretmek üçin gizlin iş alyp barýandygy barada Günbatar döwletleriniň öňe sürýän aýyplamalaryny ret edýär.
XS
SM
MD
LG