Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rafsanjani "esassyz" diýýär


Eýranyň öňki prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjani özüniň Siriýanyň režimini öz halkyna garşy himiki ýaraglary ulanmakda aýyplandygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Rafsanjani şenbe güni öz adyndan ýaýradylan sözleriň esassyzdygyny aýtdy. Ol bu sözleriň günbatar metbugatynda ýalňyş ulanylandygyny we täze intrigalara esas bolandygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň, himiki ýarag ulandy diýip, Siriýanyň hökümetine garşy harby zarba urmak planlaryny ýazgaryp çykyş etdi.

Duşenbe güni internetde goýlan wideo Rafsanjaniniň geçen hepde Mazandaranda eden çykyşyny görkezýär.

Ol şol çykyşynda "Adamlar öz hökümetleri tarapyndan himiki hüjüme sezewar edilýär, ýene-de amerikan bombasynyň düşmegine garaşmaly" diýýär.

Eýranyň daşary işler ministrligi Rafsanjaniniň hakyky aýdan sözleriniň ýoýulandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG