Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde bäsleşik gidýär


Orsýetiň 33 regionynda 8 gubernatory, 16 regional assambleýany, regional paýtagtlaryň 11-siniň häkimlerini saýlamak üçin ses berilýär.

Ýekşenbe güni geçirilýän saýlawlarda Kremle tarapdar kandidatlaryň köpüsiniň üstün çykmagyna garaşylýar.

Emma Moskwada we Ýekaterinburgda bäsleşigiň aýratyn ýiti görünýändigi aýdylýar.

Moskwada korrupsiýa garşy blogçy Alekseý Nawalny Kremle tarapdar Sergeý Sobýanin bilen häkimlik ugrunda bäsleşýär. Pikir soraşlyklar Sobýaniniň üstün çykjagyny görkezýär, emma Nawalnynyň tarapdarlary özleriniň has köp goldaw almaklaryna garaşýarlar.

Ýekaterinburgda bolsa, synçylar 50 ýaşly neşä garşy göreşiji we oppozisiýa aktiwisti Ýewgeniý Roýzmanyň şäher häkiminiň orny üçin geçirilýän bäsleşikde ýeňiji bolmagynyň ahmaldygyny çaklaýarlar.
XS
SM
MD
LG