Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sobýanin häkim saýlandy


Sergeý Sobýanin 51,37% ses bilen Moskwanyň häkimi wezipesi üçin ses berilişigiň birinji tapgyryny gazandy. Sergeý Sobýanin häzirki wagt hem Moskwanyň häkimi wezipesinde işleýär.

Duşenbe güni Moskwanyň saýlaw komiteti soňky netijeleri yglan etdi. Oppozision lider Alekseý Nawalny ýolbaşçylary ses berilişigi galplaşdyrmakda aýyplady.

Moskwanyň saýlaw komissiýasynyň mälim eden netijelerine görä, Nawalnyý 27,24% ses bilen ikinji orunda ýerleşdirilipdir.

Nawalny ses berilişigiň netijeleriniň üýtgedilendigine ynanýandygyny aýdyp, eger resmiler Sobýaniniň 50%-den az ses alandygyny tassyklamasa, onda ol köpçülikleýin protestleri geçirjekdigi barada haýbat atdy.

Nawalny saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmelidigini nygtaýar. Ol: “Biz häzirki bolýan zatlary Sergeý Sobýaniniň saýlaw topary we Moskwanyň häkimligi tarapyndan gurnalan galplaşdyrma diýip hasaplaýarys” diýdi.
XS
SM
MD
LG