Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan “Talyban” bilen gepleşmekçi


Pakistanda hökümetiň guramaçylygynda geçirilen konferensiýada ýurduň esasy syýasy partiýalary Pakistandaky “Talyban” hereketi bilen gepleşikleri geçirmegi makulladylar.

Duşenbe güni geçirilen bu duşuşykda Yslamabadyň milli howpsuzlyk strategiýasyna “garaşsyz daşary syýasatyň we parahatçylygyň hem barlyşygyň esasynda” gaýtadan garalmagyna çagyryş edildi.

Konferensiýada ABŞ-nyň sürüjisiz uçarlarynyň amala aşyrýan zarbalary Yslamabadyň “ekstremizmi we terrorizmi ýok etmek boýunça tagallalary” üçin “zyýanly” diýilip atlandyryldy we bu meselede BMG bilen maslahat geçirmegiň zerurdygy aýdyldy.

Pakistanyň syýasy partiýalary şeýle hüjümleriň “halkara kanunlaryny” bozýandygyny aýtdylar.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif we harby ýolbaşçysy general Aşfak Perwez Kaýani ondan gowrak syýasy partiýanyň syýasatçylarynyň öňünde çykyş etdiler.

Nawaz Şarif Pakistanyň problemalaryny bütewilik arkaly çözüp boljakdygyna özüniň ynanýandygyny aýtdy.

Geçmişde şeýle konferensiýalarda terrorizme garşy göreş meselesinde agzybirlige ündemek boýunça edilen çagyryşlar netije bermändi.
XS
SM
MD
LG