Soňky ýyllaryň dowamynda, Aşgabadyň durkuny üýtgetmek ugrunda uly mukdarda maliýe serişdeleri ýatyrylýar. Paýtagtda ak mermerden täze binalar gurulýar, awtomagistrallar çekilýär. Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar täze binalaryň şäheriň diňe belli bir böleklerinde jemlenip gurulmagy, sebitdäki durky gowy bolan beýleki binalaryň ýumrulmagyna getirýändigini aýdýarlar. Aşaky fotosergide paýtagt Aşgabadyň sowet döwründe meşhur bolan binalarynyň suratlary ýerleşdirildi. Il içindäki maglumata görä, şol binalaryň käbiriniň durkunyň golaýda özgerdilmegine garamazdan hem, olara ýykylmak howpy abanýar.
Aşgabat: Köne we täze

1
Paýtagtyň öňki haýwanat bagynyň esasy girelgesi. Häzir bu ýerde sport toplumy gurulýar.

2
Öň Türkmenistanyň Söwda ministrligi ýerleşen binada indi ýurduň Merkezi saýlaw topary ýerleşýär.

3
1948-nji ýylda Aşgabadyň tekstil fabriginiň şu sagatly diňi paýtagtda ýykylman galan ençeme binanyň biri. Rowaýata meňzeş gürrüňlere görä, bu binany guran arhitektor Stalin döwründe binanyň gurluşygy üçin köp gurluşyk materiallaryny ulanandygynda aýyplanyp türmä basylypdyr. Emma ýer titremeden soň onuň guran bu binasy ýykylmansoň ony azatlyga boşadypdyrlar. Aýdylşyna görä, Staliniň özi ony tussaglykdan boşatmaga buýruk beripdir.

4
Sowet döwründe Aşgabadyň wokzalynyň binasy. Bu bina gurlan mahaly ilkibaşda onuň şpili ýok eken. Ýogsam proýekt boýunça şpil bolmaly eken. Emma şol wagtlar artykmaç arhitektura bezegleriň zerurlygy ýok diýlip goýulmandyr.