Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa boýunça täze rezolýusiýa garalýar


B.Obama: "Moskwanyň öňe süren teklibiniň üstünlikli bolup-bolmajagy barada belli bir zat aýdardan entek ir".
B.Obama: "Moskwanyň öňe süren teklibiniň üstünlikli bolup-bolmajagy barada belli bir zat aýdardan entek ir".
BMG Howpsuzlyk geňeşi Siriýa boýunça täze rezolýusiýanyň taslamasyna garaýar. Siriýanyň himiki ýaraglaryny halkara gözegçiliginiň astyna almak baradaky rezolýusiýanyň taslamasy diplomatlaryň arasynda Siriýa babatda gidýan diskussiýalary hasam güýçlendirdi.

Damask öz ýaraglarynyň gözegçiligine degişli planlara boýun bolmaga razylyk berdi we ABŞ-nyň Assadyň režimine garşy harby zarba urmak planlarynyň badyny gowşatdy.

Orsýetiň garaýşy

Emma Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýasynyň taslamasyny ret edýär, sebäbi Fransiýanyň teklibinde rezolýusiýanyň şertleri berjaý edilmese agyr netijeleriň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar. Şeýle-de, Moskwa geçen aýda Damaskyň golaýynda bolan himiki hüjümlerde Siriýanyň hökümetiniň günälenmegine garşy çykyş edýär.

Orsýetiň Fransiýadaky ilçisi Aleksandr Orlow rezolýusiýany halkara goşunlarynyň girizilmegi üçin ýol açýan bir usul hökmünde häsiýetlendirdi. Orlow rezolýusiýanyň taslamasynda sanksiýalaryň däl-de, gözegçilik üçin mehanizmleriň bolmalydygyny aýtdy. “Sebäbi häzir öz ýaraglaryny halkara gözegçiligine tabşyrmaga taýýarlyk bildirýän ýurda garşy sanksiýalary ulanmaga hiç hili esas ýok” diýip, Orlow aýtdy.

Orsýetli diplomatyň sözlerine görä, eger-de Siriýanyň hökümeti geljekde hyzmatdaşlyk etmäge islegsizlik bildirse, diňe şonda ýurtlar BMG-de diskussiýa geçirip, nähili sanksiýalary ulanyp boljakdygyny maslahat etmeli.

Sişenbe güni agşam Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem Siriýanyň “himiki ýaraglaryň saklanýan ýeri barada habar bermäge, himiki ýaraglary öndürmegini bes etmäge we bu obýektleri Orsýetiň, beýleki ýurtlaryň we BMG-niň wekillerine görkezmäge taýýardygyny” mälim etdi.

ABŞ-nyň pozisiýasy

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama telewideniýe arkaly göni efirde eden çykyşynda Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň ýarag tabşyrmak bilen bagly teklibe mümkinçilik berýändiklerini, şol bir wagtda-da harby çäreleriň ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýandyklaryny aýtdy.

Waşington geçen aýda Siriýada adam heläkçiligine sebäp bolan gaz hüjümlerini amala aşyrmakda Siriýanyň režimini aýyplady. ABŞ şol hüjümlerde 1400 adamyň wepat bolandygyny aýtdy.

Barak Obama “belli bir nyşanlara urlan zarbalar Başar al-Assady ýa-da başga diktatorlary himiki ýaraglary ulanmazdan ozal gowy pikirlenmäge mejbur eder” diýip belledi.

Obamanyň pikirine görä, Siriýanyň himiki ýaraglaryny halkara gözegçiliginiň astyna almak barada Moskwanyň öňe süren teklibiniň üstünlikli bolup-bolmajagy barada belli bir zat aýdardan entek ir.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri penşenbe güni Ženewada bu meseläni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen maslahat etmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG