Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi Gürjüstanyň Günorta Osetiýa separatistik regiony bilen arasyndaky serhetleri kesgitlemek boýunça Orsýetiň öňe sürýän ylalaşyk baglaşmak planyna protest bildirýär.
Gürjüstanyň daşary işler ministriniň orunbasary Dawit Zalkalianiniň anna güni Tbiliside žurnalistlere aýtmagyna görä, Gürjüstanyň resmi protesti orsýet tarapyna Şweýsariýanyň Tbilisidäki ilçihanasynyň üstünden iberilipdir.
Tbilisi Moskwa bilen özara diplomatik gatnaşyklaryny 2008-nji ýylda Gürjüstanyň we Orsýetiň arasynda bolan gysga wagtly uruşdan soň ýatyrypdy. Şol wakadan soň Orsýet Gürjüstanyň separatistik Günorta Osetiýa we Abhaziýa regionlaryny garaşsyz döwletler hökmünde ykrar edipdi. Orsýet bu iki regionda öz goşunlaryny saklaýar.
Gürjüstan bu regionlary öz döwletiniň bölekleri, diýip hasap edýär.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!