Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýüregimde pyganym bar, uçgun düşer, ot alar"


Ýyldyz ýagyşy
Ýyldyz ýagyşy
Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň nobatdaky täze goşgulary

Nalyş

Ýüregimde pyganym bar, uçgun düşer, ot alar,
Ile äşgär ataşymyň öpjek bolup dilini.
Perwanalar oda urup, ot içinde otlanar,
Ýarym özün oda urmaz, oda çoýar elini.

Sözleý-sözleý ýar waspyny dönmüş sözüm asala,
Ary gonmuş jennet saýyp, ynjytmaý tygy bile.
Güli undup bilbil gonmuş, höwes eýläp wysala,
Neçüýn ýarym asal taýa bakmaz göz gyýgy bile?!

Didelemde hesretim bar, dönmüş derýaýy Nile,
Balyk bary tap getirmän, nazarlapdyr kenary.
Neçüýn inmez güzerime, wah, ýarda öýke-gile,
Dalda istän golum tutmaz, hiç eşitmez bu zary.

Han Saýada hat

Gyzyl alma şäherinden-alysdan,
Maňa han Saýatdan salam gelipdir.
Bikesi halyna çyn ýana-yana,
Çakylyk äkelen gulam gelipdir.

Bu habary säher-şamlardan soran,
Han Saýady söýen bende men, bende.
Habar ýetir han Saýada sen gulam,
Geçirimli Selbinýaz jan ýok mende.
XS
SM
MD
LG