Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baumgartner ekstradisiýa edilip bilner


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Russiýanyň Uralkali kompaniýasynyň baş direktorynyň ekstradisiýa edilmek mümkinçiligini ortadan aýyrmaýandygyny aýtdy.

Penşenbe güni ykdysadyýet we daşary syýasat barada geçirlen ýygnakda Lukaşenko Russiýanyň resmileri sud işini öz ýurdunda derňemäge taýýar bolsalar, onda Wladislaw Baumgartneriň ekstradisiýa edilmegine böwet boljak hiç zat ýok diýdi.

Baumgartner awgust aýynyň ahyrynda Minskde tussag edilip, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplandy.

Bu waka Belarus bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygyň artmagyna sebäp bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG