Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani gepleşiklere taýýar diýýär


Hassan Rohani
Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähranyň dawaly ýadro programmasy boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýdýar.

Rohananiň bu baradaky beýanaty ýurduň telewideniýesinde görkezildi.

Rohani Günbatar Eýranyň halkara kanunçylygynyň çäklerinde uraniumy özleşdirip bilýändigini ykrar etmeli diýip, belledi.

ABŞ we beýleki döwletler Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginden howatyrlanýarlar. Tähran bu aýyplamalary inkär edip, özüniň alyp barýan programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara niýetlenendigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG