Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryhçy Myrat Annanepes aradan çykdy


Taryh ylymlarynyň doktory, professor, akademik Myrat Annanepes 2013-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda 81 ýaşynda aradan çykdy.

Görnükli türkmen alymy, taryh ylymlarynyň doktory, professor Myrat Annanepes 1980-nji ýyllaryň ahyrynda, 1990-njy ýyllaryň başlarynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti wezipesinde işläpdi.

Ençeme ylmy eserleriň awtory, professor Myrat Annanepes garaşsyzlyk ýyllarynda häkimiýetler tarapyndan ylmy jemgyýetçilikden çetleşdirilipdi. Aşgabatdan alnan maglumata görä, onuň ýedisi 25-nji sentýabrda bellener.
XS
SM
MD
LG