Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Merkeliň partiýasy ýeňiş gazandy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Gesseniň premýer-ministri Folker Buffýe (sagda). 23-nji sentýabr, 2013 ý.
Germaniýa Ýewropanyň iň güýçli ykdysadyýetli ýurdy hasaplanýar. Ýagdaý şeýle bolansoň, ýekşenbe güni Germaniýada geçirilen saýlaw we onuň netijeleri dünýäde uly gyzyklanma döretdi.

Iň soňky gowuşan maglumatlara görä, Germaniýanyň häzirki kansleri Angela Merkeliň ýolbaşçylygyndaky "Hristian demokratik" partiýasy berlen sesleriň 41,5 göterimini alypdyr.

Şunlukda, onuň Germaniýanyň kansleri wezipesine üçünji gezek bellenmegine garaşylýar.

Eýsem, Merkeliň bu üstünliginiň syry nämede? Onuň gelejekki sýyasatynyň ugry nämeden ybarat bolar? Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp Germaniýadaky habarçysy Tahyr Şirmuhammedi bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:05:06 0:00
Ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG