Birleşen Ştatlar we Eýran soňky alty ýylyň dowamynda ýurtlar arasyndaky boljak iň ýokary derejeli gepleşiklerine taýýarlyk görýärler.
Resmileriň sözlerine görä, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Britaniýaly, Hytaýly, Fransiýaly, Germaniýaly we Orsýetli kärdeşleri bilen çarşenbe güni BMG-de geçirjek duşuşygyna Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarifiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Eýranyň daşary işler ministriniň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş hemişelik agzasy hem Germaniýa bilen duşuşygynda Eýranyň ýadro programmasynyň we BMG-niň Tährana garşy sanksiýalaryny gowşatmak meselesiniň maslahat edilmegi planlaşdyrylýar.
Ak Tamyň aýtmagyna görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň gidişinde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşmagynyň ähtimaldygy hem aradan aýrylmaýar. Sişenbe güni Baş Assambleýa doly derejede işläp başlaýar.