Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Pagta okuwçylar hem alnyp başlandy"


Pagta meýdanyndaky ýaş çagalar. Lebap. 2013 ý.
Pagta meýdanyndaky ýaş çagalar. Lebap. 2013 ý.
Duşenbe güni prezident G.Berdimuhamedowyň ýurduň ençeme ýokary derejeli resmileri bilen geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda, beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň oba-hojalyk pudagyndaky ýagdaýlar hem gozgaldy.

Türkmen lideri ençeme etrabyň häkimine sebitlerde bugdaý ekilişiniň we pagta ýygymynyň depginlerinde kemçilikleriň bardygyny belläp, özüniň nägileligini bildirdi.

Resmi metbugatda aýdylýan bu kemçilikler barada anyk maglumat berilmedi. Eýsem, ýerli ýaşaýjylar bu barada näme diýýär? Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň berýän maglumatlaryny diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:07:17 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG