Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Obama çykyş etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Eýranyň täze hökümetiniň alyp barýan “has aram ugry” ýurduň ýadro programmasy boýunça ylalaşyga esas döretmeli, diýip belledi.

Sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Obama ABŞ-nyň Eýranyň ýadro meselesiniň parahatçylykly çözülmegini isleýändigini, emma Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almakçydygyny aýtdy.

Obamanyň sözlerine görä, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerrä Eýranyň ýadro programmasynyň daşyndaky dawalary diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin tagallalary güýçlendirmek tabşyrylypdyr.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň günüň ikinji ýarymynda çykyş etmegine garaşylýar.

Şeýle-de, Obama öz çykyşynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmegine güwä geçmek üçin berk rezolýusiýany kabul etmäge ündedi.
XS
SM
MD
LG