Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" resmisi öldürildi


Owganystanyň polisiýasy ýurduň demirgazygyndaky etrapda “Talyban” hereketi tarapyndan sebite gözegçilik etmek üçin bellenilen gubernatoryň howa zarbasy netijesinde öldürilendigini habar berýär.

Gunduz welaýat polisiýasynyň başlygy Halil Andarabi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Mulawi Ahmad Şahyň owgan we Halkara koalisiýa güýçleriniň bilelikdäki geçiren operasiýasy netijesinde öldürilendigini aýtdy.

Andarabiniň aýtmagyna görä, Çardara etrabynyň Nurzaý territoriýasynda geçirlen operasiýalar döwründe Şahyň başga-da iki sany janpenasy öldürilipdir.

Bu waka barada “Talyban” hereketi we NATO-nyň resmileri hiç hili beýanat bilen çykyş etmediler.

Muňa garamazdan, Owganystanyň Içeri işler ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda geçirlen operasiýalarda “Talyban” hereketiniň 11 söweşijisiniň ölendigini mälim etdi.

Ministrlik operasiýalaryň Gunduz, Balh, Kandagar, Uruzgan, Paktika, Hyrat, Gelmand we Nimroz welaýatlarynda geçirilendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG