Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çurkin: Saakaşwili barlagdan geçmeli


Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkin Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň professional ruhy barlagdan geçmelidigini aýtdy.

Çurkin bu barada çarşenbe güni Saakaşwili BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Russiýanyň alyp barýan syýasatynyň giň göwrümli ýazgarylmalydygyny teklip edenden soň belläp geçdi.

Saakaşwiliniň bu çykyşy döwründe rus delegasiýasy maslahatyň geçirilýän zalyny terk etdi.

Çurkiniň bu sözleri barada henize çenli Gürjüstan tarapy hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi.

2008-nji ýylda Russiýa bilen Gürjüstanyň arasynda bolan gysga wagtlyk uruşdan soň, olaryň gatnaşyklary ýokary derejede dartgynly bolmaga dowam edýär.

Russiýa Günorta Ossetiýanyň we Gürjüstanyň beýleki seperatist regiony Abhaziýanyň garaşsyzlygyny yglan etdi we iki regionda hem goşunyny ýerleşdirdi.

Tibilisi bolsa gürrüňi edilýän regionlaryň Gürjüstanyň özygtyýarly territoriýasydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG