Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Operasiýada üç adam öldi


Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda söweşiji diýlip güman edilýän azyndan üç adam ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi.

Derbent şäheriniň polisiýa resmileriniň aýtmagyna görä, anna güni ýurduň howpsuzlyk güýçleri şäherdäki hususy jaýlaryň birinde ýaragly adamlary ele salypdyrlar.

Adamlar ýaraglary taşlamagy ret edip, onuň ýerine howpsuzlyk güýçlerine ot açypdyrlar. Howpsuzlyk güýçleri we polisiýa binany zabt etdi.

Deslapky maglumatlara görä, operasiýada söweşiji diýlip gümän edilýän üç adam öldürilipdir.

Dagystan yslamçy ekstremizm we guramaçylykly jenaýatlar bilen ilteşikli ýowuzlyklardan birnäçe ýyl bäri ejir çekip gelýär. Söweşijiler ýygy-ýygydan polisiýany we ýerli resmileri nyşana alýar.
XS
SM
MD
LG