Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rosatom Hytaýda reaktor gurýar


Russiýanyň döwlete degişli Rosatom ýadro kompaniýasy Hytaýyň Tianwan atom energiýa stansiýasynda dördünji reaktoryny gurmaga başlady.

Russiýanyň habar gulluklarynyň anna güni beren maglumatynda dördünji reaktory gurmak üçin guýlan ilkinji betonlar takmynan 1060 megawat güýjündäki VVER-1000 kysymly reaktory gurmaga niýetlenildi.

Häzirki wagt Tianwan atom energiýa stansiýasynda Rosatom kompaniýasynyň iki energiýa bileleşigi işleýär, olaryň üçünjisiniň gurluşygyna 2012-nji ýylyň ahyrynda başlanypdy.

Tianwanda gurulýan dördünji reaktoryň 2017-nji ýylyň ahyrynda işe girizilmegine garaşylýar. Tianwan atom energiýa stansiýasynda sekiz energiýa bileleşigini jemlemek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.

Rosatom gürrüňi edilýän atom energiýa stansiýasynda ýene-de dört reaktory gurmak üçin şu wagtdan gepleşiklere başlady.

Häzirki wagt Hytaýda gurluşygy dowam edýän 29 sany atom energiýa stansiýasy bar. Pekin ýene-de 200 sanysyny gurmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG