Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýanyň hökümeti krizisde


Italiýada ozalky premýer-ministr Silwio Berluskoniniň syýasy partiýasyndan bäş ministr wezipesini tabşyrýandygyny yglan edenden soň, ýurduň hökümeti krizise düşdi.

Premýer-ministr Enriko Letta Berluskonini öz şahsy meselelerinden ünsi sowmak üçin “bolgusyz hereketleri” etmekde aýyplady.

Berluskoni özüniň “Azatlygyň halky” partiýasynyň agzalaryny eger-de hökümet girizilen goşmaça salgytlary ýatyrmasa hökümetden çekilmäge çagyrypdy.

Häzir prezident Giorgio Napolitano täze saýlawlaryň geçirilip-geçirilmezligi barada karara gelmeli.
XS
SM
MD
LG