Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yrakdaky hüjümleri ýazgardy


ABŞ Yrakda bolan soňky ganly wakalary ýazgaryp, çykyş etdi.

Duşenbe güni Bagdatda aglaba şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitlerinde amala aşyrylan bomba hüjümlerinde 50 töweregi adam ölüpdi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ýen Psaki bu wakalary “aýylganç we hopukdyryjy” diýip atlandyrdy.

Hüjümleri aşa dinçi sünni musulmanlarynyň amala aşyrýandygy çaklanylýar. Sünni jemgyýetiniň wekilleri şaýy hökümetini öz hukuklaryny kemsitkmekde aýyplaýarlar.

Aprelden bäri Yrakda hüjümlerde 4 müň 500 adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG