Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rasmussen Moskwa çagyryş etdi


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen Gürjüstanyň seperatist regionlary Abhaziýanyň we Günorta Ossetiýanyň garaşsyzlygyny ykrar eden Russiýadan bu kararyny ýatyrmaga çagyryş etdi.

Çarşenbe güni ýaýradylan beýanatda Rasmussen Moskwanyň gürrüňi edilýän iki seperatist regionyň administratiw araçäginde germewleri ýerleşdirmek baradaky soňky alyp barýan işlerinden alada duýýandygyny beýan edýär.

Rasmussen “Ýerleşdirilen germewleriň administratiw araçägiň iki tarapynda ýaşaýan gürjüstanlylaryň ýaşaýyşyna täsirini ýetirýändigini” aýdyp, germewleri ýerinden aýyrmaga çagyryş etdi.

Şeýle-de, Rasmussen ýerleşdirilen germewleriň “Russiýanyň halkara borçlaryna gapma-garşy gelýändigini we konfliktiň parahatçylykly çözülmegine goşant goşmaýandygyny” belledi.

2008-nji ýylda Russiýa bilen Gürjüstanyň arasynda bolan gysga wagtlyk uruşdan soň, Moskwa iki seperatist regionyň garaşsyzlygyny ykrar edipdi.

Russiýa agzalýan iki regionda hem goşunlaryny saklaýar. Gürjüstan bolsa iki regiony hem öz territoriýasy diýip hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG