Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" garşydaş komandire hüjüm etdi


Pakistanly “Talyban” hereketi bäsdeş söweşiji komandiri Mullah Nabi Hanafiniň ýurduň demirgazygyndaky öýüne hüjüm etdi. Şol wakada 15 söweşiji öldürildi.

Howpsuzlyk çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, keselhana ýerleşdirilen 10 ýaraly söweşijiniň arasynda Hanafi hem bar.

Howpsuzlyk gullugynyň maglumatyna görä, “Tehrik-e-Taliban” toparynyň janyndan geçen hüjümçisi ulagly bombany Hanafi birleşiginiň üstüne tarap sürüpdir.

Şeýle-de, janyndan geçen hüjümçiler ikinji sapar hüjümi amala aşyrmaga synanyşanda olara ok atylyp öldürildi.

Hanafi “Talyban” hereketiniň komandiridi. Ýöne ol 2009-njy ýylda “Tehrik-e-Taliban” toparyndan aýrylyp, anti-Talyban milisiýasyny döretdi.

Hanafiniň hüjümde weýran edilen birleşigi Haýber Puhtunhwa welaýatynyň Hungu etrabynyň we demirgazyk Weziristanyň araçägindäki Spin Tal regionynda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG