Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Ysraýyl “gaharlandy”


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani yslam respublikasynyň jedelli ýadro programmasy barada dünýäniň güýçli ýurtlary bilen gepleşikleri geçirmek hakyndaky Tähranyň täze kompaniýasyna garşy çykýan Ysraýylyň “gaharlanandygyny” aýdýar.

Şu hepde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Birleşen Milletler Guramasyna Tbilisi Eýranyň heniz hem ýadro ýaraglaryny özleşdirmäge tagalla edýändigine ynanýar diýip, Tähranyň atom bombasyny edinmeginiň öňüni almak üçin Ysraýylyň harby çärä girişmäge taýýardygyny belledi.

Çarşenbe güni Tähranda geçirilen Kabinet maslahatynda Rohani Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleriniň arasynda geçiriljek gepleşiklere umytly garaýandygyny mälim etdi. Gepleşikleriň oktýabr aýynyň ortalarynda Ženewada geçirilmegine garaşylýar.

Tähran eýran ykdysadyýetini gowşadan halkara sanksiýalary ýeňilleşdirmäge synanyşýar. Rohani Eýranyň urany baýlaşdyrma programmasynyň “detallary” diýip atlandyran gepleşiklere Tähranyň açykdygyny, emma Eýranyň urany baýlaşdyrmak baradaky hukugynyň gepleşiklere açyk däldigini belledi.
XS
SM
MD
LG