Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisli terrorçy Amerika berildi


NATO-nyň howa bazasyna «Al-Kaýda» hüjümini planlaşdyrandygy üçin belgiýa türmesinde 10 ýyl oturan tunisli erkek Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edildi.

43 ýaşyndaky Nizar Trabelsi ABŞ tarapyndan amerikanlary öldürmek, köpçülikleýin gyrgyn ýaraglaryny ulanmak, terror guramalaryny goldamak barada dil düwüşmekde aýyplanýar.

Prokurorlar onuň penşebe güni, Birleşen Ştatlara getirilenden soň, özüniň günälidigini boýun alandygyny aýdýarlar.

Trabelsi Belgiýada 2003-nji ýylda, Kleýn Brogel bazasynda, amerikan esgerleriniň gulluk edýän ýerinde janyndan geçen bombaçynyň hüjümini amala aşyrmagy planlaşdyrmakda günäli tapyldy.

ABŞ-nyň aýyplamasyna görä, German ligasynyň öňki professional futbolçysy 2001-nji ýylda hüjüm tälimini almak we «Al-Kaýda» lideri Osama bin Laden bilen duşuşmak üçin Owganystana gidipdir.
XS
SM
MD
LG