Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internet hakerlerine günä bildirildi


Birleşen Ştatlaryň uly federal žýurisi «Anonimus» ady bilen tanalýan internet hakerler toparynyň agzasydyr öýdülýän 13 adama günä bildirdi.

Bu günä bildirme Birleşen Ştatlarda ýaşan 13 aýyplanýanyň hemmesini 2010-njy ýylyň sentýabry bilen 2011-nji ýylyň ýanwary aralygynda bolan hakerçilik hüjümleri sebäpli aýyplaýar.

Şonda nyşana alnan guramalar «WikiLeakse» sahawatlyk serişdesini geçirmekden ýüz dönderipdiler ýa-da kinolaryň, sazlaryň we beýleki eserleriň bikanun ýaýradylmagynyň öňüni almak baradaky tagallalara goşulypdylar.

«Anonimos» dünýäniň ähli maglumatlarynyň mugt elýeterli bolmagy ugrunda tagalla edýän topar hökmünde häsiýetlendirilýär.
XS
SM
MD
LG