Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa migrantlaryň ýasyny tutýar


Italiýa anna güni Lampedusa adasynyň golaýyndaky gämi heläkçiliginde wepat bolan onlarça afrikan migrantynyň ýasyny tutdy.

Tapylmaýan adamlaryň gözlegi bolsa, howanyň ýaramazlygy üçin soňa goýuldy.

Italiýanyň içeri işler ministri Angelino Alfano häzire çenli sişenbe güni çöken gämide ölen 111 adamyň jesediniň tapylandygyny, 155 adamyň bolsa halas edilendigini aýtdy.

Üsti adamdan hyryn-dykyn bolan gämide 500-den gowrak adam bolandyr öýdülýär. Alfano gäminiň tunisli kapitanynyň tussag edilendigini aýtdy.

Ol Italiýanyň bir özüniň Demirgazyk Afrikadan gämili gelýän migrantlaryň öňünde durmagy başarmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Ol Ýewropa Bileleşigini Ortaýer deňzinde gözegçiligi ýola goýmaga, şeýle-de gaçybatalga gözleýänleriň has köpüsini kabul etmäge çagyrdy.

Sisiliýanyň regional prezidenti Rosario Krosetta Italiýa häzirki migrasiýa kanunyny üýtetmeli, onuň ölümden başga netijesi ýok diýdi.
XS
SM
MD
LG