Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Tähran ýadro ýaragyndan 1 ýyl ýa gowrak daş


Prezident Barak Obama
Prezident Barak Obama
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Birleşen Ştatlar Eýran ýadro bombasyny öndürmek başarnygyna eýe bolmakdan bir ýyl ýa köpräk wagt uzaklykda diýip ynanýar diýdi

Obama bu sözleri «Assoşeýted Pres» tarapyndan şenbe güni ýaýradylan eksklýuziw söhbetdeşliginde aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw-maglumat gulluklarynyň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek babatdaky wagt pursatlaryna berýän bahasy baradaky soraga jogap berip, Obama "biziň synymyz bir ýyl ýa-da köpräk bolmagynda galýar, onsoň hakykatda belki biziň hasaplamalarymyz Ysraýylyň aňtaw gulluklarynyňkydan has konserwatiwdir" diýdi.

Ysraýyl Eýran ýadro bombasyny ýasap bilmekden diňe aýlap uzakda diýdi.

Şeýle-de prezident Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Eýranyň ýadro programmasy babatdaky dawany diplomatiýa arkaly çözmek meselesinde çynyny aýdýarmy ýa-da ýok, muny dünýä synap görmeli diýdi. Emma muňa garamazdan, Obama Waşington Eýrandan «ýaramaz ylalaşygy» kabul etmez diýdi.

Geçen aý Obama Rohani bilen telefonda gürleşdi, bu Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň liderleriniň arasynda 34 ýylda bolan birinji göni pikir alyşmady.

27-nji sentýabrda bolan gürrüňdeşlik Rohaniniň Nýu-Ýorka, BMG-niň Baş Assambleýasyna söz sözlemäge gelen wagtynda boldy.

Obama AP bilen söhbetdeşlikde Rohaniniň Eýranda ýeke özi karar kabul edip bilýän ýolbaşçy däldigini belledi.


Aýatolla Ali Hameneýi
Aýatolla Ali Hameneýi
Ýokary ruhy lider aýatolla Ali Hameneýiniň giň gerimli kontrollugyny nazara alyp, Obama Rohani "hatda Eýranda soňky karar çykaryjy hem däl" diýdi.

Hameneýi Amerika ynanmaýar

Döwletiň ähli möhüm meseleleri babatda soňky karary özi çykarýan Hameneýi biraz öň Rohaniniň Nýu-Ýorkdaky diplomatiýa inisiatiwasyny goldandygyny, emma özüniň Birleşen Ştatlara gepleşik geçirip boljak partner hökmünde ynanmaýandygyny aýtdy:

"Biz hökümetiň diplomatik inisiatiwasyny goldaýarys we onuň bu sapardaky işlerine uly ähmiýet berýäris. Elbetde, biziň pikirimizçe, Nýu-Ýorka saparda bolan zatlaryň käbiri düzüw däl. Biz öz hökümetimiziň diplomatiýa işgärleri babatda optimist, biz amerikanlar babatda pessimist. Birleşen Ştatlaryň hökümeti ynanarlyk däl, ol bir özüni bilýär, sözünde durmaýar. [Birleşen Ştatlaryň hökümeti] sionistleriň kontrollugynda we şolaryň bähbitlerine hyzmat etmäge çalyşýar."

Hameniýi öz pikirlerini anyklaşdyrmady.

Bu bellikler Tähranda, harby serkerdeleriň we okuwyny tamamlan kadetleriň gutardyş dabarasy mahalynda sözlenen sözde edildi. Bu Hameneýiniň Rohani geçen aýda Nýu-Ýorkda söz sözläli bäri birinji gezek jemgyýetçilige çykyşydy.

Şeýle-de Hameneýi öz ýurdunyň Eýran döwletine garşy islendik ýaman herekete berk we weýran ediji gaýtargy berjegini aýtdy.

Rohani Eýranyň dünýä döwletleri bilen ýadro meselesinde üç aýdan alty aýa çenli aralykda ylalaşyk gazanjagyna umyt bildirdi.

Eýran özüniň gizlinlikde ýadro ýaragyny edinjek bolýandygy barada aýdylýanlary ret edýär.
XS
SM
MD
LG