Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Prezidentlige 27 adam dalaş eder


Owgansytanyň ozalky daşary işler ministrleri Abdullah Abdullah.
Owgansytanyň ozalky daşary işler ministrleri Abdullah Abdullah.
Owganystanda prezidentlige dalaşgärleri hasaba almak kampaniýasy tamamlandy. 2014-nji ýylyň aprelinde geçmeli saýlawlarda jemi 27 adam dalaş eder.

Garaşsyz saýlaw komissiýasy hasaba alnan kandidatlaryň doly sanawyny 16-njy noýabrda hödürlär.

Iň öňdebaryjy dalaşgärler hökmünde ozalky daşary işler ministrleri Abdullah Abdullah we Zalmai Rassoul, öňki maliýe ministrleri Aşraf Ghani we Anwarul Hak Ahadi, şeýle-de öň goranmak ministri bolup işlän Abdul Rahim Wardak hökmünde häsiýetlendirilýär.

Prezident Hamid Karzaýyň dogany Kaýum Karzaý hem dalaşgär hökmünde hasaba alyndy.
XS
SM
MD
LG