Gyrgyzystanyň Issyk-Kul welaýatynda ýüzlerçe protestçi Kumtor altyn gorunyň millileşdirilmegini talap edip, esasy ýollaryň birini ýapdy.
Mundan bir gün öň, protestçiler ýerli bir resmini ençeme sagatlap zamunlykda saklapdylar. Polisiýa azyndan 600 protestçini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy hem ulandy.
Protestçiler eger-de Kumtor gory bilen bagly talaplar berjaý edilmese, resmini diriligine otlamak bilen haýbat atypdylar. Duşenbe güni 23 protestçi tussag edildi. Wakada dört adam, şol sanda iki polisiýa işgäri keselhana ýerleşdirildi.
Prezident Almazbek Atambaýew bu waka bilen baglylykda derňewiň geçirilmelidigini aýdýar.
Maý aýynda hem müňlerçe protestçi Kumtor gorunyň millileşdirilmegini sorap, polisiýa bilen çaknyşypdy.
Häzirki wagt gürrüňi gidýän altyn goruny Kananadyň “Centerra Gold” kärhanasy dolandyrýar.

Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.