Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama-respublikanlar gepleşigi netijesiz


Prezident Barak Obama bilen oppozisiýadaky respublikan liderleriň arasynda Birleşen Ştatlaryň bergi çägini ýokarlandyrmak baradaky soňky gepleşikler hem uly bir netije bermedi.

Ak tamyň beýanatynda bu duşuşyk «gowy» diýlip atlandyrylýar, emma onuň petigi böwüsmegiň kesgitli ýoluny tapmandygy bellenýär.

Wekiller öýündäki respublikan köplüginiň lideri Erik Kantor bu duşuşygy «örän peýdaly» diýip atlandyrdy we Obamanyň demokratlary bilen gepleşikleriň penşenbe agşamy dowam etdirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Amerikan kanunçykaryjylary 17-nji oktýabra çenli hökümetiň karz alyş çägini bolmanda wagtlaýyn galdyrmak bilen ýüzbe-ýüz bolup durlar, ýogsa Birleşen Ştatlar bergilerini berip bilmez we bu ýagdaý dünýä maliýe sistemasyna täsir ýetirer.

Demokratlar 11 gün bäri bölekleýin ýapylan hökümetiň açylmagyny gazanmaga çalyşýarlar.
XS
SM
MD
LG