Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zyýaratçylar Mekgeden Mina barýar


Iki million çemesi zyýaratçy ýekşenbe güni, heläkçilikli MERS wirusy sebäpli dörän aladalaryň arasynda, Saud Arabystanynda ýyllyk haj zyýaratyna başlady.

Zyýaratçylar mukaddes şäher Mekgeden golaýdaky Mina ýol bilen, pyýada, otluly ýola düşdiler.

Zyýaratçylar Minada namaz okap, duşenbe güni Arafat dagyna çykýançalar dynç alarlar.

Saud Arabystany MERS wirusyndan ölen adamlaryň sany boýunça dünýäde iň ýokarda durýar, ol ýerde bu wirusyň ýokuşan 60 adamsyndan 51-siniň heläk bolandygy aýdylýar.

Onsoň zyýaratçylaryň bu wirusy, yzlaryna dolanyp gelenlerinde, öz ýurtlaryna hem getirmek ähtimallygyndan alada edilýär.

MERS heläkçilikli, ýöne SARS wirusynyň az ýokuşýan görnüşi diýip bilinýär.

SARS wirusy 2003-nji ýylda Aziýada birnäçe ýüz adamyň ölümine sebäp bolupdy.

Saud häkimiýetleri haja gelenler üçin ägirt uly mukdarda saglyk we raýat gorag resurslaryny mobilizledi.
XS
SM
MD
LG