Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri we Karzaý bölekleýin ylalaşdy


Prezident Hamid Karzaý (S) ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen, 12-njy oktýabr, 2013.
Prezident Hamid Karzaý (S) ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen, 12-njy oktýabr, 2013.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen owgan prezidenti Hamid Karzaý täze howpsuzlyk paktyny baglaşmak barada anna güni başlan maslahatlaryny şenbe güni hem dowam etdirdi.

Kabulda şenbe güni bolan duşuşykdan soň, Kerri bilen Karzaý bölekleýin ylalaşyga gelendiklerini, emma pikir tapawutlarynyň saklanyp galýandygyny aýtdylar.

Kerri taraplaryň 2014-nji ýylda daşary ýurt goşunlary ýurtdan çykandan soň Owganystanda galýan amerikan esgerleriniň eldegrilmesizligi meselesinde bir pikire gelip bilmändiklerini aýtdy.

'Amerkan esgeri eldegrilmesiz bolmaly'

Waşington amerikan esgerleriniň bu ýerde eden jenaýatlary üçin sud jogapkärçiligine çekilmezligini isleýär, emma Kabul muňa garşy çykýar.

"Biziň aýtmagymyz gerek, eger ýurisdiksiýa (sud etmek hukugy) meselesini çözüp bolmasa, onda gynansak-da, bu ýerde ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasy bolup bilmez. Onsoň biz bu çözüler diýip umyt edýäris we, bolmalysy ýaly, bu mesele owgan halkynyň özüne bagly" diýip, Kerri aýtdy.

Karzaý Owganystan Birleşen Ştatlaryň raýatlaryny öz territoriýasynda amala aşyran diýilýän jenaýatlary üçin sud etmäge haklymy ýa däl diýen meseläni öz hökümetiniň çözüp bilmejegini aýtdy:

"Ýurisdiksiýa meselesi şeýle bir mesele bolup, owgan hökümetiniň häkimiýetiniň ygtyýaryndan ýokary we bu mesele tutuş owgan halky tarapyndan, iki ýol bilen, ýa Owganystanyň önden gelýän Loýa jyrgasy, ýa-da esasy kanun mehanizmi, owgan parlamenti arkaly çözülip biler."

Owgan hökümeti bir talapda dur

Analitikler owgan hökümeti Birleşen Ştatlaryň eldegrilmesizlik teklibini ýylyň başyndan ret etdi we şonda hem butnaman dur diýýärler. Ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasy barada ylalyşyga gelnip bilinmezligi Waşingtony 2014-nji ýyldan soň özüniň ol ýerdäki ähli goşunyny çykarmaga iterip biler.

Karzaý gepleşikleriň esasan owgan özygtýarlylygyny goramaga gönükdirilendigini we uly pikir tapawutlarynyň aradan aýrylandygyny aýtdy:

"Howpsuzlyk paktynda biz milli özygtyýarlylyk barada, graždan adamlaryň heläk bolmagynyň öňüni almak hakynda ylalaşyga geldik, agressiýa kesgitlemesini we daşary ýurt goşunlary tarapyndan garaşsyz geçirilýän operasiýalary togtatmagy aýdyňlaşdyrdyk."

Karzaý Birleşen Ştatlaryň pakistan «Talybanynyň» uly komandiri Latif Mehsudy tutup saklaýandygyny, munuň Owganystanyň gaça durmak isleýän zatlarynyň bir mysalydygyny aýtdy.

Kerri bu şikaýaty düşünişmezligiň netijesi hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG