Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Ozalky ministr azat edildi


Azerbaýjanyň ozalky maliýe ministri Farhad Alyýew öz dogany bilen birlikde türme tussaglygyndan boşadyldy.

Prezident Ylham Alyýew Eid al-Adha, ýagny Gurban baýramy mynasybetli 152 tussagyň günäsini geçdi.

Doganlar Farhad we Rafik Alyýewler 2005-nji ýylda tussag edilip, degişlilikde 10 we dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler. Olara parahorlyk, galplyk, hapa pullary ýuwmak we agdarylyşyk synanşygy boýunça aýyplamalar bildirilipdi.

Farhad Alyýew tussaglykdan azat edileniniň yzýany Azatlyk Radiosyna interwýu berip, prezidente elmydama, şol sanda türmede hem ygrarly bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG