Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 2 müň adam ýitirim diýilýär


Pakistanyň Adam hukuklary boýunça garaşsyz komissiýasynyň aýtmagyna görä, ýurduň Khyber Pakhtunkhwa sebitinde geçirilen harby operasiýadan soň, 2 müňe golaý adam ýitirim bolupdyr.

Mundan bir gün öň, Swat jülgesindäki aýallar 2009-njy ýylda geçirilen harby operasiýadan soň ýitirim boldy diýilýän 6 müň erkek kişiniň ykbalynyň aýdyňlaşdyrylmagyny soradylar. Aýal maşgalalar harbylary sebitiň erkek kişilerini ýok etmekde aýypladylar.

Pakistanyň harby resmileri Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna sebitde käbir adamlaryň ýitirm bolandygyny tassyklady. Emma şol bir wagtda, harbylar protestçileriň öňe sürýän sanlarynyň juda ýokarydygyny bellediler.
XS
SM
MD
LG