Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI ikinji gezek öldürme diýýär


«Amnesty International» Eýranyň häkimiýetlerini birinji gezek dardan asylmakdan aman galan adamy ikinji gezek asmakdan saklanmaga çagyrýar.

«Alireza M» diýlip atlandyrylýan 37 ýaşly tussag geçen hepde Eýranyň demirgazygyndaky Bojnurdda neşe jenaýatlary üçin asyldy. Habarlarda aýdylmagyna görä, doktorlar onuň ölendigini yglan edipdirler.

Emma ol ertesi morgda diri tapylyp, hassahana eltilipdir.

Halkara günä geçiş guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika programmasynyň direktory Filip Lýuter ikinji gezek jezalandyryp öldürmegiň «aýylgançdygyny» aýtdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň maglumatyna görä, Eýran şu ýyl azyndan 508 adamy jezalandyryp öldürdi.
XS
SM
MD
LG