Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ohaýa ýol hadysasynda 6 yrakly öldi


Birleşen Ştatlaryň Ohaýa ştatynda bolan ýol hadysasynda Yrakdan gelen bosgun maşgalanyň 6 agzasynyň heläk bolandygy aýdylýar.

AP Kolambus şäherindäki Bosgunlar we immigrasiýa hyzmatlary jemgyýetinde işleýän Majeda Muhammada salgylanyp, bu maşgalanyň sürüp barýan maşynynyň Ohaýanyň bir polisiýa ofiseriniň maşyny bilen çakyşandygyny ýazýar.

Muhammad bu hadysada öz kakasynyň, ejesiniň, dört gyzynyň ölendigini aýdýar.

Olar dostlarynyňkyda Eýd al-Adha baýramyny belläp, öýlerine gelýän ekenler.

Garry ene we maşgalanyň dört ogly öýde eken.

Bu maşgala Ohaýa Yrakdan, Basradan üç ýyl çemesi ozal göçüp gelipdir.
XS
SM
MD
LG