Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

JPMorgan $13 milliard töleýär


Birleşen Ştatlarda çykan habarlarda aýdylmagyna görä, bank läheňi «JPMorgan Chase» 2008-nji ýylyň maliýe krizisiniň öňüsyrasynda satan ipoteka-goraglarynyň hili babatda aýdylýan zatlar barada oňuşmak üçin Birleşen Ştatlaryň Adalat departamentine 13 milliard dollar jerime tölemäge deslapdan razy boldy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, teklip edilýän ylalaşyk bank işgärleriniň käbiriniň işleri bilen baglylykda açylan jenaýat derňewiniň ýatyrylmagyny öz içine almaýar. Ol derňewleriň dowam etdirilmegine garaşylýar.

Eger tassyk bolsa, 13 milliard dollar jerime amerikan kompaniýasy tarapyndan aýyplamalar babatda ylalaşmak üçin tölenen iň uly pul bolar.
XS
SM
MD
LG