Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada boşadylan 9 liwanly öýüne dolandy


Siriýa pitneçileri tarapyndan 17 aý zamunlykda saklanan 9 liwanly şenbe güni giçlik Beýruta, öýlerine uçdy.

Bu 9 adam Türk howa ýollarynyň iki pilotynyň boşadylmak şerti astynda azat edildi, ol pilotlar awgustda, liwanly şaýylaryň alnyp gaçylmagyna jogap hökmünde, Liwanda tutulyp saklanypdy.

Pilotlar Türkiýä şenbe güni dolanyp bardylar. Liwanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy dokuz liwanlynyň Eýrandaky zyýarat planlary bilen baglylykda Siriýanyň içinden geçip barýarkalar, 2012-nji ýylyň maýynda alnyp gaçylandygyny aýtdy.

Siriýanyň pitneçileri olary Hizbolla milisiýasynyň şaýy söweşijileri bolmakda we prezident Başar al-Assadyň režimini goldamakda aýypladylar.
XS
SM
MD
LG