Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Pekine sapar edýär


Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew 18-nji rus-hytaý hökümatara gepleşiklerine gatnaşmak üçin Pekine bardy. Medwedewi Hytaýyň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Kekiang garşylady.

Bu saparyň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol goýulmagyna garaşylýar.

Rus delegasiýasynyň düzümindäki resminiň “Interfax” habar agentligine beren maglumatyna görä, gepleşikleriň barşynda halkara, şol sanda Siriýadaky konflikt, Eýranyň ýadro programmasy, Owganystan ýaly meseleleriň-de maslahat ediljekdigi aýdylýar.

Medwedewiň Hytaýyň prezidenti Si Jingping bilen hem duşuşmagyna garaşylýar. Şeýle-de Russiýanyň premýer-ministri Hytaýyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetine barar.
XS
SM
MD
LG