Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: "Gün tertibi öňünden aýdylmaýar"


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Ýaşulular maslahatyna" gatnaşan ýaşulularyň birine sowgat gowşurýar. 23-nji oktýabr, 2013 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Ýaşulular maslahatyna" gatnaşan ýaşulularyň birine sowgat gowşurýar. 23-nji oktýabr, 2013 ý.
Türkmenistanda iki gün dowam etjek Ýaşulular maslahaty şu gün Daşoguz welaýatynda başlady.

Prezident G.Berdimuhamedowyň gol çeken kararynda bu maslahatyň gün tertibi barada diňe şeýle sözler bellenilýär: "Bu maslahat ýurduň durmuşyna degişli möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak arkaly, il-halkyň jebisligini we agzybirligini berkitmekde ýaşulularyň durmuş tejribelerinden we paýhasly ýörelgelerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen geçirilýär."

Eýsem, maslahatyň gün tertibinde nähili maddalar bar? Bu maslahatyň gün tertibi nähili bellenýär we onda ýygnaga gatnaşýan ýaşulular nähili rol oýnaýar?

Azatlyk Radiosy şu soraglar bilen gyzyklanyp, bu meselede ekspert we oňa ýedi-sekiz gezek gatnaşan aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:21 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG