Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri we Türkmenistan


 "Mekan" köşgi, Aşgabat
"Mekan" köşgi, Aşgabat
Penşenbe güni, 24-nji oktýabrda, Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVI konferensiýasy geçirildi.

Bu konferensiýa dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, şol sanda ýerli wekiller gatnaşdy diýip, Türkmen Döwlet habarlar gullugy ýazýar.

Eýsem bu Birleşigiň konferensiýalarynda dünýä türkmenleriniň hal-ýagdaýy, olaryň taryhy Watan bilen gatnaşyk, gelim-gidim meselelerini ýeňletmek barada nähili gürrüň ýa geňeş-maslahat edilýär?

Azatlyk Radiosy bu barada geçen ýyllarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň konferensiýasyna gatnaşan Juma Baý Hamiýaby bilen söhbetdeş boldy.

Ol Owganystandaky türkmenleriň Parahatçylyk we raýdaşlyk geňeşine ýolbaşçylyk edýär.

Söhbeti diňläp, dünýä türkmenleri we Türkmenistan baradaky pikirleriňizi ýazsaňyz, minnetdar bolarys.
XS
SM
MD
LG