Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensioner: "Sowadyjymy ýalňyş aýyrtdyrdylar"


Oturgyçda dynç alýan zenan
Oturgyçda dynç alýan zenan
Bize gelip gowuşýan maglumatlara görä, eýýäm birnäçe ýyl bäri häkimiýetiň tabşyrygy bilen paýtagtyň uly köçeleriniň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň ýola seredýän penjirelerindäki elektrik sowadyjylary aýyrdylýar.

Emma paýtagtyň Azatlyk etrabynyň 6-njy kiçi etrapçasynyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýaşaýjysy jaýynyň uly ýoluň ugrundan daşda ýerleşýändigine garamazdan, "Ýaşaýyş jaý dolandyryş" edarasynyň resmisi diýilýän şahsyň öz sowadyjysyny aýyrtdyrandygyny aýdýar.

Wakanyň jikme-jikleri barada paýtagtyň ýaşaýjysy 72 ýaşly pensioner zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Söhbetdeşiligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:38 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG