Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda 17 serhetçi öldürildi


Eýranyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy IRNA ýurduň Pakistan bilen günorta-gündogar araçäginiň golaýynda Eýranyň 17 serhetçisiniň öldürilendigini, 5-siniň bolsa ýaralanandygyny habar berýär.

Şenbe güni çykan habarlarda serhetçileriň Sistan-Bulujystan welaýatynyň Sarawan sebitinde «ýaragly garakçylar» bilen çaknyşykda öldürilendigi aýdylýar.

Bu waka anna güni agşamlyk bolupdyr. IRNA ol ýaragly toparyň Eýrana Pakistandan geçendigini ýazýar.

Ýöne IRNA ol diýilýän «ýaragly garakçylaryň» neşe gaçakçylarydygyny ýa-da pitneçilerdigini aýtmady.

Azerbaýjanyň «Trend.az» habar gullugy IRNA-da bir «çeşmä» salgylanyp, dört serhetçiniň ýesir alnandygyny, ýaragly toparyň bolsa eýran režimine garşy durýan «terrorçylar» bolandygyny ýazdy.
XS
SM
MD
LG