Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ «dartgynlygy» boýun alýar


Birleşen Ştatlar amerikan aňtaw gulluklarynyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň telefon gürrüňlerini diňländigi we beýleki ýurtlardaky telefon gepleşiklerini yzarlandygy baradaky habarlardan soň öz ýaranlary bilen arada dörän «dartgynlygy» boýun aldy.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki «gizlin maglumatlaryň üstüniň açylmagy netijesinde biziň käbir ýaranlarymyz bilen arada dartgynlygyň dörändigi barada jedel bolup bilmez» diýdi.

Ol amerikan resmileriniň Germaniýa we beýleki ýaranlar bilen bu barada maslahatlaşýandygyny aýtdy, german aňtaw resmileriniň geljek hepdelerde Waşingtonda gepleşik geçirmelidigini belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri anna güni beýanat çap edip, Waşington bilen arada ynamyň bolmazlygynyň, aňtaw-maglumat hyzmatdaşlygynyň gowşamagy bilen, terrorizme garşy söweşe ýaramaz täsir ýetirjegini duýdurdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG